G-7-niň 45-nji maslahaty ertir öz işine başlar

G-7-niň liderler maslahatynda deňhukusyzlyga garşy göreş, howpsyzlyk we  klimat çalşygy ýaly meseleler seljerler

1257498
G-7-niň 45-nji maslahaty ertir öz işine başlar

Fransiýanyň günorta günbatarynda ýerleşýän Biarris şäherinde geçiriljek G-7-niň 45-nji maslahaty ertir öz işine başlar

Maslahata ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Britaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň we Kanadanyň liderleri gatnaşar

G-7-niň liderler maslahatynda deňhukusyzlyga garşy göreş, howpsyzlyk we  klimat çalşygy ýaly meseleler seljerler.

Maslahatda Ukraina, Siriýa, Eýran meselesi bilen birlikde Britaniýanyň ÝB-den çykyşy ýaly meseleleriň gün tertibine getirilmegine garaşylýar.

Maslahat ertir agşam Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň liderlerin hormatyna berjek agşam nahary bilen başlar.

Maslahatyň çäginde liderlerin özara duşyşyk geçirmegine garaşylýar.

Maslahata BMG-nyň, Bütin dünýä bankynyň, Halkara pul gaznasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, Bütin dünýä söwda guramasynyň ýolbaşçylary bilen birlikde Günorta Afrikanyň, Müsüriň, Ispaniýanyň, Hindistanyň we Senegalyň liderleri hem çagyryldy


Etiketkalar: #Fransua Olland , #maslahat , #G-7

Degişli Habarlar