Owganystanda öldürilen amerikan esgerleriniň sany 2 müň 500-e golaýlady

ABŞ, soňky 18 ýylda Owganystanda 2 müň 433 esgerini ýitirdi

1245740
Owganystanda öldürilen amerikan esgerleriniň sany 2 müň 500-e golaýlady

Merkezi ABŞ-nyň Džordžia şäherinde ýerleşýän garaşsyz gözegçilik öýüne degişli "icasualties" habarlar saýtynda berilen maglumata görä, 2001-nji ýyldan 2019-njy ýylyň 30-njy iýulyna çenli Owganystandaky çaknyşyklarda 2 müň 433 amerikan esger ýogaldy. 

Ady agzalan döwürde, aralarynda amerikan esgerleri hem bolan ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky Halkara koalisiýa güýçlerinden (2001-2015-nji ýyllar aralygy) we NATO wezipe güýjünden 3 müň 576 adam ýogaldy, takmynan 20 müň esger bolsa ýaralandy. 

Owganystanda 2018-nji ýylda 14 amerikan esger ýogalan bolsa, bu san 2019-njy ýylyň ilkinji 7 aýynda 16-a ýetdi. 

Soňky gezek bolsa Owganystanda 29-njy iýulda ýüze çykan çaknyşykda 2 amerikan esger ýogaldy. 

Resmi Waşington 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkdaky Ekiz binalara guralan hüjümleri bahana edip, şol ýyl Owganystana Halkara koalsiýa güýji ady bilen 100 müň esgeriň girmegini üpjün etdi. Şol esgerleriň 70 müňi amerikan esgerlerinden ybaratdy. 

 


Etiketkalar: #esger , #amerikan , #Owganystan

Degişli Habarlar