Demirgazyk Koreýa ýene-de raketa synagyny geçirdi

Günorta Koreýanyň goşuny, Demirgazyk Koreýanyň ýurdyň gündogaryndan 2 sany gysga aralykly raketa uçuryp, bir hepdäniň dowamynda ikinji gezek raketa synagyny geçirendigini habar berdi

1245470
Demirgazyk Koreýa ýene-de raketa synagyny geçirdi

Günorta Koreýanyň Baş Ştaby tarapyndan berilen beýanatda, resmi Phenýanyň, Wonsan şäherinden 250 km aralykly, 30 km beýiklige çykan 2 raketa uçurandygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň raketalar bilen baglanşykly has köp maglumat ýygnamaga synanyşýandygy aýdylýan beýanatda: “Demirgazyk Koreýanyň raketa synaglary, Koreýa ýarymadasyndaky dartgynlygy azaltmak tagallalaryna goldaw bermeýär. Phenýany bu hereketini bes etmegine çagyrýarys” diýip bellendi.

Ýaponiýanyň Premýer ministri Sinzo Abe, mesele bilen baglanşykly metbugat işgärlerine beren beýanatynda, uçurylan raketalaryň Ýaponiýanyň milli howpsyzlygyna howp emele getirmeýändigini beýan etdi.



Degişli Habarlar