Britaniýanyň harby gämisi Ormuz bogazynda

Britaniýanyň Eýran bilen dartgynlyk başyndan geçiren Ormuz bogazyna gönükdiren täze harby gämisi HMS Dunkan sebite baryp ýetdi

1244042
Britaniýanyň harby gämisi Ormuz bogazynda

Britaniýanyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: “HMS Dunkan gämisi, Britaniýa degişli gämileriň Ormuz bogazyndan howpsyz ýagdaýda geçmekleri üçin HMS Montrose gämisine goldaw bermek maksady bilen bogaza bardy” diýip habar berildi.

HMS Dunkan gämisiniň bogazdaky wezipe möhledi awgust aýynyň ahyrynda doljak HMS Montrose gämisinden soň sebitde iş alyp barmaga dowam etjekdigi aýan edildi. Şonuň bilen baglylykda HMS Montrose gämisiniň Orta Gündogardaky wezipesini 2022-nji ýyla çenli dowam etdirjekdigi beýan edildi.

Beýanatda Britaniýanyň HMS Kent atly başga bir harby gäminiň bolsa şu ýylyň ahyrynda Ormuz bogazynda wezipäni HMS Dunkan gämisinden aljakdygy mälim edildi.



Degişli Habarlar