ABŞ-de nahar festiwalynda hüjüm guraldy

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 3 adam ýogaldy

1244330
ABŞ-de nahar festiwalynda hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky nahar festiwalynda guralan ýaragly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 3 adam ýogaldy, 12 adam ýaralandy. 

Amerikan mediasynda berilen habarlara görä, Kaliforniýa ştatynyň demirgazygynda her ýylyň tomus paslynda geçirilýän Gilroý sarymsak festiwalynda ýaragly hüjüm guraldy. 

Resmiler hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 3 adamyň ýogalandygyny, 12 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýan etdiler. 

Wakanyň bolan ýerine polisiýa işgärleri we ýangyn söndürijiler gönükdirildi. Ýaralanan adamlaryň golaýdaky hassahanalara äkidilendigi, hüjümçiniň bolsa entek tussag edilmändigi beýan edildi. 

Ýogalanlaryň we ýaralanan adamlaryň artmagyna alada bildirilýär. 

Şaýatlar, hüjümçiniň 30 ýaş töweregindäki akýagyz bir erkekdigini we tüpeň bilen çem gelen ýere od açandygyny habar berdiler. 

 



Degişli Habarlar