Tramp Türkiýe bilen gatnaşyklar barada beýannama berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp S-400 meselesinde Türkiýe bilen ýüze çykan düşnüşmezligiň ortadan aýrylmagy üçin işleýändiklerini aýtdy

1236895
Tramp Türkiýe bilen gatnaşyklar barada beýannama berdi

Tramp: “Türkiýe biziň bilen iňňän gowy. İndi bolsa olara Russiýadan raketa goranyş ulgamyny almaga mecbur bolandyklary üçin şu F-35-leri satmacakdygymyzy aýdýarys. Şunyň üstünde işleýäris, nämeleriň bolcakdygyny wagt görkezer” diýdi.

Donald Tramp Türkiýäniň geçen hepde Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamyny almaga başlamagy barada Ak Tamda ministrler kabinetiniň meclisinde garaýyş beýan etdi.

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obama döwründe Türkiýä Patriot satylmandygyna ünsi çeken Tramp, Türkiýäniň şol sebäpli Russiýadan S-400 almaga ýönelendigini nygtady.

Türkiýe bilen bu meseläni selcerýändiklerini beýan eden Tramp: “Aç-açan aýtsam Türkiýe bilen gowy gatnaşyklarymyz bar. Emma şertler iňňän çylşyrymly. Obamanyň döwründe hökümet olara Patriot satmady. Türkiýe Patriot almak üçin köp tagalla etdi, emma satmadylar. Şondan soň Türkiýe Russiýadan raketa goranyş ulgamyny aldy. Odan soň Türkiýä “Bolýa, size Patriot sataly” diýdiler. Emma Türkiýe Russiýa bilen şertnama baglaşypdy we raketa üçin töleg töläpdi. Çünki bizden almaklaryna rugsat berilmändi. Türkiýe NATO agza ýurt. 100-den gowrak F-35 üçin isleg bildirdiler, maksadymyz has köpräk bermekdi” diýdi.

Türkiýe we Prezident R.T.Erdogan bilen gowy gatnaşyklarynyň bardygyny beýan eden Tramp: “Türkiýe biziň bilen iňňän gowy. İndi bolsa olara Russiýadan raketa goranyş ulgamyny almaga mecbur bolandyklary üçin şu F-35-leri satmacakdygymyzy aýdýarys. Şunyň üstünde işleýäris, nämeleriň bolcakdygyny wagt görkezer” diýdi.

 



Degişli Habarlar