"Eýranyň ýadro şertnamasynyň şertlerini gyşarnyksyz berjaý etmegi üçin tagalla ederis"

Mogherini Eýran bilen baglaşylan şertnama hakynda durup geçdi

1236352
"Eýranyň ýadro şertnamasynyň şertlerini gyşarnyksyz berjaý etmegi üçin tagalla ederis"

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Federika Mogherini, Eýranyň ýadro şertnamasynyň şertlerini berjaý etmegi üçin tagalla etjekdiklerini aýtdy.

Mogherini Belgiýanyň paýtagty Brýusselde ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň gataşmagynda geçirlen maslahatdan soň beren beýanatynda, Eýran bilen baglaşylan şertnama hakynda durup geçdi.

ÝB-ne agza ýurtlaryň ministrleri bilen şu gün geçirlen maslahatda Eýran bilen baglaşylan ýadro şertnamasynyň goralyp saklanmagy üçin durmuşa geçirilmeli işleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny nygtan Mogherini, “Eýranyň ýadro şertnamasyna laýyklykda hereket etmegi üçin tagalla ederis” diýdi.

 

 

 


Etiketkalar: #şertnama , #Eýran , #ÝB

Degişli Habarlar