ÝB-ne agza ýurtlaryň ilaty 513,5 milliona barabar

ÝB-ne agza 28 ýurduň jemi ilaty 2019-njy ýylda 513,5 milliona barabar boldy

1233587
ÝB-ne agza ýurtlaryň ilaty 513,5 milliona barabar

Ýewropanyň Hasabat ofisiniň görkezijilerine görä 2018-nji ýylyň başynda 512,4 milliona deň bolan ÝB-ne agza ýurtlaryň jemi ilaty ýylyň başynda 513,5 milliona ýetdi.

Şelelikde ÝB-ne agza ýurtlaryň ilaty 1,1 million ýokarlady.

Germaniýa 83 million ilaty bilen ÝB-niň iň köp ilatly ýurdy bolan bolsa, Fransiýa 67 million ilat bilen ikinji, İtaliýa 60,4 million ilat bilen üçünji, İspaniýa bolsa 46,9 million ilat bilen dördünji ýerde durýar.

Degişli döwürde Türkiýede jemi ilat 82 million adama deň boldy.

ÝB-ne agza 28 ýurtda 2018-nji ýylda ýogalanlaryň sany täze dünýä inenleriňkiden köp boldy.

ÝB-de degişli döwürde 5,3 million adam ýogaldy, 5 million çaga dünýä indi.

ÝB-niň ilaty 1,1 milliona barabar bosgun migrant sebäpli artdy.


Etiketkalar: #1 million , #1 , #artdy , #ilat , #ÝB

Degişli Habarlar