Nigeriýada Boko Haram tarapyndan guralan hüjümde 10 esger ýogaldy

Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri guraýan hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy

1231810
Nigeriýada Boko Haram tarapyndan guralan hüjümde 10 esger ýogaldy

Nigeriýanyň demirgazyk gündogarynda terror guramasy Boko Haram tarapyndan guralan hüjümde 10 esger ýogaldy.

Milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, ýurduň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Borno welaýatynyň Damboa etrabynda, terror guramasy Boko Haram tarapyndan harby gözegçilik merkezine guralan ýaragly hüjümde 10 esger ýogaldy, 14 esger ýaralandy we köp sanly esger hem dereksiz ýitdi.

Nigeriýada 2000-njy ýyllaryň başyndan bäri iş alyp barýan terror guramasy Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri guraýan hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy.

Gurama 2015-nji ýyldan bäri ýurduň serhet goňşulary Kamerunda, Çatda we Nigerde hem hüjümler guraýar.

 

 


Etiketkalar: #esger , #Nigeriýa , #Boko Haram

Degişli Habarlar