Ýewropa Geňeşiniň täze baş sekretary belli boldy

Düzüminde Türkiýe hem bolan Ýewropa Geňeşiniň baş sekretary wezipesine Horwatiýanyň daşary işler ministri Mariýa Peçinowiç Buriç saýlandy

1225835
Ýewropa Geňeşiniň täze baş sekretary belli boldy

Ýewropa Geňeşiniň Parlamentarlar mejlsiniň baş geňeşinde geçirilen ses goýulşykda, ilkinji tapgyrda berilen sesleriň 159-syny alan Buriç, 105 ses alan Belgiýanyň daşary işler ministri Didier Reýndersden geçip, baş sekretar wezipesine saýlandy.

Buriç, Turbýorn Ýaglantdan aljak wezipesine 18-nji sentýabrda başlar.

Norwegiýaly Ýagland 2009-njy ýyldan bäri Ýewropa Geňeşiniň baş sekretary wezipesinde işleýärdi.



Degişli Habarlar