"Tramp Eýrana hüjüm guramakdan soňky pursatda ýüz öwürdi"
Trampyň, Eýrana garşy howa hüjüminiň guralmagyny tassyklandygy, emma şol kararyndan ýüz öwürendigi öňe sürüldi
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, Eýrana garşy howa hüjüminiň guralmagyny tassyklandygy, emma gysga wagt şol kararyndan ýüz öwürendigi öňe sürüldi.
Amerikan Nýu Ýork Taýmes gazeti, ýokary derejeli ýolbaşça esaslanýan habarynda Prezident Trampyň Eýrana hüjüm guramakdan soňky pursatda ýüz öwürendigini öňe sürdi.
Gazetiň “Tramp Eýrana howa hüjüminiň guralmagyny tassyklady emma gysga wagt soň şol kararyndan ýüz öwürdi” söz başyly habarynda, harby we diplomatik ýolbaşçylaryň, ABŞ-nyň ýerli wagty bilen sagat 19.00-a çenli Eýrana degişli käbir radar we raketa ulgamlarynyň bombalanmagyna garaşandyklary, emma Trampyň kararyndan ýüz öwürendigi sebäpli hüjümiň guralmandygy nygtaldy.
Ak Tam we Pentagon öňe sürülýän garaýyşlar barada hiç hili beýanat bermedi.
Eýranyň Ynkylap goragçylary düýn irden Oman aýlagynyň kenarynda ýerleşýän Hormuzgan welaýatynyň Kuhmubarek şäheriniň golaýynda “Eýranyň howa giňişliginde giren ABŞ-nyň howa güýçlerine degişli RQ-4 Global Hawk kysymly uçarmansyz howa ulagyny gury ýerden atylan raketa bilen urup düşürendigini habar beripdi.
ABŞ-nyň Merkezi güýçleri serkerdeligi bolsa wakany tassyklady emma Uçarmansyz howa ulagynyň Eýranyň howa giňişliginde däl eýsem halkara suw giňişliginde urup düşürlendigini mälim etdi.
Degişli Habarlar

Filippinlerde kiçi uçar heläkçilige uçrady
Filippinleriň günortasynda kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 4 adam ýogaldy

Ukrainanyň goşuny Russiýanyň Krasnodar sebitindäki howa baza hüjüm gurady
Ukrainanyň goşuny Russiýanyň Krasnodar sebitindäki Primorsko-Ahtarsk howa bazasyna hüjüm gurady