“ABŞ Eýran bilen dartgynlygyny bilkastlaýyn möwjedýär”

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň azaldylmagy we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin syýasy we diplomatiýa taýdan tagalla edilmeli

1222010
“ABŞ Eýran bilen dartgynlygyny bilkastlaýyn möwjedýär”

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Ryabkow, ABŞ bilen Eýran bilen arasyndaky dartgynlygy bilkastlaýyn möwjedýändigini aýtdy.

Ryabkow, Russiýanyň Soçi şäherinde metbugata ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky artadan harby aksiýalary hakynda beýanat berdi.

ABŞ-nyň Eýrana basyş etmäge dowam edýändigine ünsi çeken Ryabkow, “ABŞ  Eýran bilen dartgynlygyny bilkastlaýyn möwjedýär” diýdi.

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň azaldylmagy we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin syýasy we diplomatiýa taýdan tagalla edilmelidigini aýdan Ryabkow, “Şeýle bolmak halatynda sebitde täze çaknyşyk ýüze çykyp biler we bu asla kabul edilmez” diýdi.

 

 


Etiketkalar: #Eýran , #dartgynlyk , #Russiýa

Degişli Habarlar