Şemhani: “ABŞ bilen söweş bolmaz” diýdi

Eýranyň Milli howpsyzlyk boýunça Ýokary geňeşiň baş sekretary Ali Şemhani ABŞ bilen Eýranyň arasynda söweşiň bolmajakdygyny beýan etdi

1221317
Şemhani: “ABŞ bilen söweş bolmaz” diýdi

Russiýanyň Ufa şäherinde geçirilen 10-njy Halkara howpsyzlyk işleriniň Ýokary wekiller maslahatyna gatnaşan Şemhani, Eýranyň IRNA agentligine ABŞ bilen başdan geçirilýän dartgynlyk barada beýanat berdi.

Iki ýurdyň arasynda soňky günlerde has hem artan dartgynlyk bilen bagly soraga Şemhani: “Käbir töwerekler tarapyndan dowam etdirilýän propogandalara garamazdan söweş bolmaz, sebäbi söweşiň bolmagy üçin hiç hili sebäp ýok” diýip jogap berdi.

Resmi Waşingtonyň sebitde guralan hüjümler bilen Eýrany günäkärlemegi bilen bagly bolsa Şemhani: “Beýleki ýurtlary günäkärlemek amerikaly resmiler tarapyndan adaty zada öwrüldi. Olar bu ýol bilen beýleki ýurtlara garşy basyş etmek isleýär” diýdi.

Şemhani, ABŞ-nyň hökümetiniň sanksiýalar bilen Eýranyň halkyny nyşana alýandygyny, emma sanksiýalary amatly mümkinçiliklere öwürjekdiklerini belledi.


Etiketkalar: #söweş , #ABŞ , #Eýran

Degişli Habarlar