Germaniýanyň Federal kansleriniň saglyk ýagdaýyna alada bildirildi

Germaniýanyň Federal kansleri Angela Merkeliň garşylama dabarasynda titremegi aladalandyrdy

1221017
Germaniýanyň Federal kansleriniň saglyk ýagdaýyna alada bildirildi

Angela Merkel, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiýni ýurdyň paýtagty Berlinde Premýer ministrlikde harby dabara bilen garşylady.

Dabarada milli senalar ýaňlanan mahaly Merkel birnäçe wagtlap titräp durdy. Zelenskiý Merkeliň titremegine ähmiýet bermesede, golaýdakylarda we goragçylarynda alada döretdi.

Merkeliň titremegi geçeninden soň harby dabara adaty ýagdaýda dowam etdi we iki lider Premýer ministrlik binasyna geçdiler.

Merkel metbugat ýygnagynda harby dabarada başdan geçirilen hadysa bilen bagly soraga: “Üç stakan suw içdim. Munyň azdygy aýdyň. Meniň ýagdaýym gowy” diýip jogap berdi.



Degişli Habarlar