Donald Tramp bilen Si Szinpin telefon arkaly söhbetdeş boldular

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Hytaýyň Döwlet başlygy Si Szinpin, iki ýurdyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ara alynyp maslahatlaşylan telefon söhbetdeşligini geçirdiler

1221142
Donald Tramp bilen Si Szinpin telefon arkaly söhbetdeş boldular

Ak Tam tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Tramp bilen Siniň telefon söhbetdeşligini geçirendigi aýan edildi.

Beýanatda, iki lideriň esasan hem ABŞ-Hytaý söwda gatnaşyklaryny ele alandygy we iki ýurdyň arasynda adalatly we ikitaraplaýyn häsýetdäki ykdysady gatnaşyklara ünsleri çekendigi habar berildi.

Hytaý bilen söwda gatnaşyklaryndaky konstruktiw meseleleriň maslahatlaşylandygy aýan edilen beýanatda, Tramp bilen Siniň sebitleýin howpsyzlyk meselelerini hem maslahatlaşandyklary we Ýaponiýada geçiriljek G20 maslahatynda duşuşmagy niýetleýändikleri beýan edildi.

Iki ýurdyň arasyndaky söwda dartgynlyklary dowam edýän mahaly girizilen goşmaça gümrük salgytlary bilen söwda söweşleri aladalary has hem artypdy.

ABŞ-ly we hytaýly resmileriň arasynda geçen aýyň ahyrynda geçirilen soňky gepleşiklerde hem gutarnykly netije alynmandy.

28-29-njy iýun aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek G20 maslahatynda, iki lideriň gmrük salgtlary we ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklary meselelerini ele almaklaryna garaşylýar.


Etiketkalar: #beýanat , #Ak Tam

Degişli Habarlar