Muhammed Mursiniň ýogalmagyndan soň Müsürde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

Içeri işler ministrligi ýurtda berk howpsyzlyk çarelerini görýär

1220375
Muhammed Mursiniň ýogalmagyndan soň Müsürde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

MüsüriIçeri işler ministrligi, harby agdarlyşyk arkaly wezipesinden çetleşdirlen ozalky prezident Muhammed Mursiniň ýogalmagyndan soň ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Müsüriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä, Içeri işler ministrligi ýurtda berk howpsyzlyk çarelerini görýär.

Dynç alyşdaky harby işgärler we howpsyzlyk güýçleri işe çagyryldy. Döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalarda, hususy pudakda, myhmanhanalarda we buthanalarda müňlerçe adamyň gatnaşmagynda berk howpsyzlyk çäreleri görülýär.

Ministrlik, ýollarda we meýdanlarda berk howpsyzlyk çäreleriniň görülmegini, howpsyzlyk güýçleriniň sanynyň artdyrylmagyny we “terrorçy” toparlaryna garşy öňüni alyjy operasiýalaryň geçirilmegini öz içine alýan “J” meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi barada karar kabul etdi.

Müsüriň döwlet telewideniýesi Muhammed Mursiniň kazyýet diňlenşiginde ýogalandygyny habar beripdi.

Müsürde harby agdarlyşyk bilen wezipesinden çetleşdirlen 67 ýaşyndaky Mursi “içalylyk” etmekde aýyplanylýardy.

Mursi 2013-nji ýylyň 3-nji iýulynda döwrüň Goranmak ministri we soň Prezident bolan Abdulfettah As Sisiniň ýolbaşçylygyndaky harby  agdarlyşyk synanşygy bilen wezipesinden çetleşdirlipdi.

 



Degişli Habarlar