Ruhani Fransiýanyň wagtynyň azalýandygyny aýtdy

Hasan Ruhani Fransiýanyň Eýrandaky täze İlçisini kabul etdi

1219901
Ruhani Fransiýanyň wagtynyň azalýandygyny aýtdy

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani Fransiýanyň ýadro ylalaşygynyň dowam etdirilmegi boýunça taryhy pozisiýa eýeleme mümkinçiliginiň bardygyny, emma onuň üçin wagtynyň azalýandygyny duýdurdy.

Eýranyň Prezidentiniň metbugat gullugyndan berilen beýannama görä Ruhani özüne ynaç hatyny gowşuran Fransiýanyň Eýrandaky täze İkçisi Filip Tibaud bilen geçiren duşuşygynda, ýadro ylalaşygynyň gelcegi barada garaýyş beýan etdi.

Fransiýanyň we ÝB-ne agza beýleki ýurtlaryň ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çekilmeginiň neticeleriniň hem-de täsirleriniň öwezini dolmak baradaky wadalary sebäpli Eýranyň geçen bir ýylyň dowamynda sabyr edendigini we parasatly çemeleşendigini nygtan Ruhani, resmi Parižden ýadro ylalaşygy boýunça beren wadalarynda durmagyny isledi.

Ruhani: “İňňän yncyk şertleri başdan geçirýäris. Fransiýanyň ýadro ylalaşygynyň beýleki taraplary bilen ylalaşygyň dowam etdirilmegi üçin taryhy pozisiýa eýeleme mümkinçiligine eýe. Emma onuň üçin gysga möhleti galdy. Şübhesiz ýadro ylalaşygynyň bozulmagy Eýran, Fransiýa, sebit we dünýä üçin bähbitli däl” diýdi.



Degişli Habarlar