Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy

Nigeriýanyň demirgazyk-günbatarynda guralan ýaragly hüjümde 16 adam ýogaldy

1214409
Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy

Nigeriýanyň Zamfara ştatynyň metbugat sekretary Ýusuf Idris, ştatyň Gusau diýilen ýerinde şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan ýaragly hüjümiň guralandygyny aýan etdi. 

Idris: "Hüjümde 16 adam ýogaldy, 14 adam ýaralandy" diýdi. 

Ýaralanan adamlaryň bejergi astyna alynandygyny aýdan Idris, sebite goşmaça harby güýçleriň iberilendigini, waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny mälim etdi. 

 



Degişli Habarlar