Zarif: “ABŞ sanksiýalar bilen Eýranyň halkyna zyýan berýär”

Zarif bu barada Twitter arkalý beren habarnamasynda aýtdý

1209332
Zarif: “ABŞ sanksiýalar bilen Eýranyň halkyna zyýan berýär”

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif ýurdunyň ýadro ýaragyny öndürmek islemeýändigini, ABŞ-nyň bolsa sanksiýalar bilen Eýranyň halkyna zyýan ýetirip, sebitde dartgynlyk emele getirýändigini aýtdy.

Zarif Twitter arkaly beren habarnamasynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ýaponiýa saparynda Eýran bilen soňky hepdelerde möwjeýän dartgynlyk barada: “Dolanşyk ulgamynyň özgerdilmegini islemeýäris, ýadro ýaragyny islemeýäris, diňe ony aç-açan ýagdaýa getirmek isleýärin” diýlen beýanatyna jogap berdi.

Eýranyň Daşary işler ministri habarnamasynda: “Aýatulla Ali Hamaneý uzak möhlet ozal ýadro ýaraglaryny gadagan edýän permany bilen ýadro ýaragyny öndürmek islemeýändigimizi aýtdy. “B toparynyň” ykdysady terrorizmi Eýranyň halkyna zyýan ýetirýär we sebitde dartgynlyk emele getirýär. Donald Trampyň niýetiniň nämedigini sözler däl, işler görkezer” diýip ýazdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Trampo Ýaponiýa saparynyň dowamynda Premýer ministri Şinzo Abe bilen Eýran meselesini pikir alyşandyklaryny nygtap: “Eýran köp adam tanaýaryn, olar ajaýyp adamlar. Eýranyň häzirki liderleri bilen ajaýyp ýurt bolma ähtimallygy bar. Dolanşyk ulgamynyň özgerdilmegini islemeýäris, ýadro ýaragyny islemeýäris, diňe ony aç-açan ýagdaýa getirmek isleýärin” diýipdi.

 



Degişli Habarlar