Hytaýyň Daşary işler ministri Gruziýaynň territorial bütewiligine sapar goýýandyklaryny aýtdy

Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýi Gruziýa guraýan resmi saparynyň çaginde gruzin kardeşi Dawit Zalkaliani bilen duşuşdy

1207616
Hytaýyň Daşary işler ministri Gruziýaynň territorial bütewiligine sapar goýýandyklaryny aýtdy
wang yi.jpg

Zalkaliani özara we toparara duşuşklara geçmezden ozal metbugata beren beýannamasynda Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýiniň saparynyň taryhy ähmiýete eýedigini aýtdy.

Saparyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine möhüm goşant goşjakdygyny aýdan Zalkaliani; “Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar hakykatdan hem ýokary derejede ösmäge dowam edýär” diýdi.

Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýi bolsa Gruziýa guraýan saparyna kanagatlanma bildirip, Hytaý bilen Gruziýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary bardygyny aýtdy.

Hytaýyň dünýade parahatçylykly syýasat alyp barýandygyny aýdan Wang Ýi, Gruziýanyň territorial bütewiligini we özbaşdaklygyny goldaýandygyny nygtady.

Wang Ýi ululygyna ýa-da kiçiligine garamazdan her bir ýurda deň derejede çemeleşýändiklerini nygtap: “Biz Gruziýanyň we beýleki ýurtlaryň garaşsyzlygyna, özbaşdaklygyna we territorial bitewiligine sarpa goýýarys” diýdi.

Ministrleriň beýanatlaryndan soň maslahat metbugata ýapyk dowam etdi.



Degişli Habarlar