Donald Tramp, Narendra Modini gutlady

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, saýlawda gazanan üstünligi mynasybetli Hindistanyň premýer ministri Narendra Modini gutlady

1207468
Donald Tramp, Narendra Modini gutlady

Tramp, sosial media hasabynyň üsti bilen Hindistanda geçirilen parlament saýlawlary bilen bagly beýanat berdi.

Beýanatynda ýaňadandan premýer ministr wezipesine saýlanan Modini gutlan Tramp: “ABŞ-Hindistan hyzmatdaşlygy üçin premýer ministr Modiniň ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen gowy gatnaşyklar bolar. Möhüm işlerimizi bilelikde dowam etdirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip belledi.

Hindistanda ýaňadandan premýer ministr wezipesine saýlanan Modiniň Bharatiya Janata Partiýasy (BJP), ýurtda 7 aýry etapda geçirilýän parlament saýlawlarynda üstünlik gazandy.

Hindistanyň Saýlaw komissiýasy tarapyndan berilen ilkinji maglumatlara görä, Bharatiya Janata Partiýasy (BJP), parlamentiň Halk mejlisinde 542 oturgyjyň 299-syny gazandy we şeýlelik bilen hökümeti ýeke başyna gurup bilmek üçin ýeterlik derejedäki sana eýe boldy.



Degişli Habarlar