Putin Makron we Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen Siriýa, Ukraina we Eýran meselesinde pikir alyşdy

1205867
Putin Makron we Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Russiýanyň Prezidentiniň Metbugat merkezinden berilen beýannamada Putiniň Makron we Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi habar berildi.

Telefon söhbetdeşliginde Siriýa meselesinde pikir alyşylandygy barada habar berilýän beýannamada; “Putin Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky şertleri kadalaşdyrmak, asuda ilaty goramak we terror howpyny ortadan aýyrmak üçin Türkiýe bilen bilelikde görülýän çäreler barada maglumat berdi” diýilýär.

Beýannamada Siriýada Konstitutsiýa toparynyň döredilmegi we Siriýadaky meseläniň BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň 2254 belgili kararyna laýyklykda çözülmegi üçin utgaşyklygyň ýola goýulmalydygy nygtalýar.

Ukraina meselesiniň Minisk ylalaşygyna laýyklykda çözülmelidigine üns çekilen beýannamada; “Putin Doneskiň we Luganskyň özbaşdak hukuk derejeleri hakyndaky kanunlaryň güýje girmeginiň Kiýew bilen Doneskiň we Luganskyň arasynda gönüden gepleşikleriň başlamagy taýdan eýe bolan ähmiýetini ýatlatdy” diýilýär.

Eýranyň ýadro ylalaşygynyň dowam etdirilmelidigi barada nygtalýan beýannamada; “Russiýa, Fransiýa we Germaniýa Eýran bilen ykdysady hem-de söwda pudaklarynda hyzmatdaşlyklaryna tabynlygyny tassyklady” diýilýär.



Degişli Habarlar