Günorta Koreýa, Demirgazyk Koreýa 8 million dollarlyk ynsanperwer kömegini berer

BMG-na görä 25,5 millionlyk ilatyň 3,8 milliony 120 million dollarlyk gyssagly kömege mätäç

1204607
Günorta Koreýa, Demirgazyk Koreýa 8 million dollarlyk ynsanperwer kömegini berer

Günorta Koreýanyň Birleşme ministrligi, 8 million dollarlyk ynsanperwer kömeginiň gysga wagtda Demirgazyk Koreýa ugradyljakdygyny mälim etdi.

Günorta Koreýanyň Birleşme ministrliginiň metbugat geňeşçisi Lee Sang –min, mesele hakynda beren beýanatynda, hökümetiň esasan guraklyk sebäpli agyr günleri başdan geçirýän Demirgazyk Koreýa ýardam bermek üçin Bütin dünýä Azlyk maksatnamasy we BMG-nyň Çagalara ýardam düzümi bilen mesele hakynda pikir alyşjakdygyny nygtady.

Günorta Koreýanyň, Demirgazyk Koreýa gysga wagtda 8 million  dollarlyk goldaw berjekdigini aýdan Lee, ýurdunyň şeýle hem azym kömegini bermegi meýilleşdirýändigini ýatlatdy.

Demirgazyk Koreýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri geçen hepde ýurtda 1982-nji ýyldan bäri iň gurak ýylyň başdan geçirilýändigi sebäpli uly azyk ýetmezçiliginiň bardygyna ünsi çekipdi.

BMG-nyň habarnamasynda 25,5 millionlyk ilatyň 3,8 milliony 120 million dollarlyk gyssagly kömege mätäçdigi nygtaldy



Degişli Habarlar