Donald Tramp Eýrana hemle atdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Eýrana ýene-de täze bir hemle atyp: “Eger Eýran söweşmek isleýän bolsa, onda bu Eýranyň resmi soňy bolar” diýip nygtady

1204106
Donald Tramp Eýrana hemle atdy

Tramp, Twitter hasabyndan Eýran bilen arasyndaky dartgynlygy has hem dartgynlaşdyryp biljek bir beýanat berdi.

Donald Tramp beýanatynda: “Eger Eýran söweşmek isleýän bolsa, onda bu Eýranyň resmi soňy bolar. Bundan beýläk ABŞ-e asla hemle atma!” diýip belledi.

Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümet, 2015-nji ýylda gol çekilen ýadro ylalaşygyndan 2018-nji ýylyň 8-nji maýynda çekilýändigini aýan edipdi.

Soň bolsa resmi Tähranyň nebit eksportyny nyşana alyp sanksiýalar girizen ABŞ, geçen aý bolsa Eýranyň Ynkylap goragçylaryny daşary ýurt terror guramalary sanawyna girizipdi.

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bolsa öz gezeginde ABŞ-nyň sanksiýalaryna jogap hökmünde 8-nji maýda ýadro bilen bagly işleriniň bir bölegini täzeden ýola goýandyklaryny we ylalaşygyň taraplaryna Eýranyň bähbitlerini gorajak ýagdaýda çäreler görmek üçin 60 gün möhlet berýändiklerini habar beripdi.


Etiketkalar: #ABŞ , #Donald Tramp , #Eýran

Degişli Habarlar