Tramp Ak Tamda agzaçar berdi

Tramp, Oraza aýynyň musulmanlar düşümli bolmagyny diledi

1200755
Tramp Ak Tamda agzaçar berdi

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Oraza aýy mynasibetli Ak Tamda agzaçar berdi.

 Ak Tamdaky agzaçara musulman ýurtlaryň Waşingtonda iş alyp barýan diplomatik wekilleri gatnaşdy.

Agzaçara Türkiýäniň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Serdar Kylyç hem gatnaşdy.

Agzaçardan öň çykyş eden Tramp, Oraza aýynyň musulmanlar düşümli bolmagyny diledi.

Tramp “Musulmanlaryň mukaddes Oraza aýynda Ak Tamda agzaçar bermek meniň üçin buýsandyryjy” diýdi

ABŞ-nyň ozalky prezidenti Bill Klinton, Jorj Buş we Barak Obama döwründe 20 ýylyň dowamynda Ak Tamda agzaçar berdi.

2017-nji ýylyň 20-njy ýanwarynda Ak Tamda wezipesine başlan we Tramp ilknji agzaçaryny prezident hökmünde Ak Tamda geçen ýyl beripdi.

 

 

 

 


Etiketkalar: #Ak Tam , #agzaçar , #ABŞ

Degişli Habarlar