Eýranyň prezidenti syýasy aktiwistlerden kömek sorady

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, duşmanlarynyň ýurduna garşy edýän syýasy we ykdysady basyşlaryny ynkylap taryhynda ozal görülmedik bir söweş hökmünde häsýetlendirdi

1199544
Eýranyň prezidenti syýasy aktiwistlerden kömek sorady

Paýtagt Tähranda syýasy aktiwistler bilen duşuşyk geçiren Hasan Ruhani, ABŞ-niň ýurduna garşy goýan sanksiýalary bilen bagly beýanat berdi.

Şu günki şertleriň 1980-1988-nji ýyllar aralygyndaky Eýran-Yrak söweşinden has gowy ýa-da has erbet bolmandygyny aýdan Ruhani: “Söweş mahaly import, eksport, nebit satyşy we bank babatynda meselelerimiz bolmandy. Sanksiýalar diňe ýaraglaryň satyn alynmagy bilen baglydy” diýdi.

Ruhani, ABŞ-nyň Eýrana garşy goýan sanksiýalarynyň örän täsirlidigini belläp, bular ýaly wagtlarda ähli organlaryň bir bolup hereket etmegini isledi. Ruhani: “Duşmanlaryň Eýrana garşy syýasy we ykdysady basyşlary, ynkylap taryhynda ozal görülmedik bir uly söweşdir. Duşmanyň bank pudagy boýunça girizen çäklendirmeleri nebit, nebit himiýa, polat, oba-hojalyk önümleriniň satylmagyna täsir ýetirýär” diýip aýan etdi.

Ruhani, halkyň ykdysady meseleleriniň bardygyny, emma meseläniň diňe ykdysady bolmandygyny we meseläniň ählitaraplaýyn ele alynmaldygyny belläp, ýurtdaky meseleleriň hötdesinden gelinmegi üçin maslahata gatnaşýan syýasy aktiwistlerden kömek sorady.



Degişli Habarlar