Interpolyň başlygy uly mukdarda para almakda günäkärlendi

Halkara Polis guramasynyň hytaýly ozalky başlygy Ming Hangweý uly mukdarda para almakda günäkärlendi

1198935
Interpolyň başlygy uly mukdarda para almakda günäkärlendi

Hytaýyň Ýokary halk prokuroturasyndan berilen beýannama görä Mingiň işine ýurduň Eienjin şäherindäki kazyýetde garaldy.

Kazyýet işinde Mingiň ozal işlän Döwlet howpsyzlygy ministriniň orunbasarlygy we Hytaýyň Kenarýaka howpsyzlyk müdirligi ýaly wezipelerde ygtyýarlarydan hyýanatçylykly peýdalanandygy öňe sürüldi. İnterpoloň ozalky başlygy Ming uly mukdarda para almakda günäkärlendi. Ähli günäkärlemeler Mingiň ýüzüne okaldy.

Kazyýetiň höküm çykaryp çykarmandygy barada beýannama berilmedi.

Sentýabr aýynda Fransiýadan Hytaýa gidenden soň hiç hili habar alynmadyk we 8-nji oktýabrda Hytaýyň Döwlet howpsyzlygy ministrligi tarapyndan galplyk derňewi astyndadygy beýan edilen Mingiň: “dolulygyna öz ygtyýary bilen para alandygy we kanunlary bozandygy” şübhesi bilen derňelýändigi beýan edilipdi.



Degişli Habarlar