Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Demirgazyk Koreýa ynsanperwer kömeginiň berilmegine garşy

BMG-nyň Bütindünýä Azyk meýilnamasy, Demirgazyk Koreýada 10 milliondan gowrak adamyň azyk ýetmezçiligini başdan geçirýändigini mälim edipdi

1198247
Ýaponiýanyň Daşary işler ministri  Demirgazyk Koreýa ynsanperwer kömeginiň berilmegine garşy

Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Taro Kono, Demirgazyk Koreýadaky azyk ýetmezçiliginiň ortadan aýrylmagy üçin Demirgazyk Koreýa ynsanperwer kömeginiň berilmegine garşy çykdy.

Kýodo habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Kono Mejlisiň daşary gatnaşyklar we goranyş komissiýasynda eden çykyşynda “girdejisini, halkyň durnuklylygy üçin ulanmagyň ýerine ýadro ýaragy we raketalaryň kämilleşdirilmegi üçin sarp edýän ýurda daşardan goldaw berilmegi dogrymy” diýdi.

Merkezi Rimde ýerleşýän BMG-nyň Bütindünýä Azyk meýilnamasy, Demirgazyk Koreýada oba hojalyk pudagynda hasylyň azalmagy sebäpli ýurtda 10 milliondan gowrak adamyň azyk ýetmezçiligini başdan geçirýändigini mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar