Hytaý Üçtaraplaýyn ýadro ýaraglary bilen bagly gepleşiklere gatnaşmaz

Hytaý, ABŞ we Russiýa bilen geçiriljek Üçtaraplaýyn ýadro ýaraglary bilen bagly gepleşiklere gatnaşmaz

1196045
Hytaý Üçtaraplaýyn ýadro ýaraglary bilen bagly gepleşiklere gatnaşmaz

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Geng Şuang, ýadro ýaraglaryň çäklendirilmegi bilen bagly ABŞ we Russiýa bilen geçiriljek täze gepleşiklere Hytaýyň gatnaşmajakdygyny mälim etdi. 

Metbugat sekretary Şuang, Hytaýyň elindäki ýadro barlygyň milli howpsyzlyk zerurlyklarynyň iň pes derejesindedigini we hem ABŞ hem-de Russiýa bilen deňeşdirilmejek derejede azdygyny aýan etdi. 

Şuang mundan başgada, Hytaýyň hemişe ýadro ýaraglaryň dolulygyna gadagan edilmegi we ýok edilmeginiň tarapdary bolandygyny belledi. 

 


Etiketkalar: #Hytaý , #ýadro ýaragy

Degişli Habarlar