Siriýanyň Bab etrabynda motosikle ýerleşdirilen bomba partladyldy

Siriýada bir motosikle ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde asuda ilatdan 8 adam ýaralandy

1195854
Siriýanyň Bab etrabynda motosikle ýerleşdirilen bomba partladyldy

Bab etrabynyň merkezinden takmynan 5 km uzaklykdaky Kabbasin etrapçasynyň merkezinde motosikle ýerleşdirilen bomba partladyldy. Partlamanyň netijesinde asuda ilatdan 8 adam ýaralandy, töwerekdäki ýerlere maddy zyýan ýetdi.

Wakanyň ýerine gönükdirilen howpsyzlyk güýçleri hüjümi, ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň gurandygyny çak edýärler.

Siriýanyň Halap welaýatynyň Bab etraby we töweregindäki ýaşaýyş ýerler 2017-nji ýylyň fewral aýynda Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Ýewfrat galkany operasiýasy bilen terror guramasy DAIŞ-iň agzalaryndan saplanypdy.


Etiketkalar: #Siriýa , #Bab , #motosikl

Degişli Habarlar