Russiýanyň paýtagty Moskwada uçar ýandy

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde howa menziline gyssagly ýagdaýda gonan mahaly ýanan ýolagçy uçardaky ýolagçylaryň 41-i ýogaldy

1195420
Russiýanyň paýtagty Moskwada uçar ýandy

Russiýanyň metbugatynda berilen habarlara görä, Moskwa-Murmansk uçar saparyny amala aşyrmak üçin Moskwanyň Şeremetýewo howa menzilinden uçan Russiýanyň Aeroflot kärhanasyna degişli SSJ-100 kysymly ýolagçy uçar, gysga wagt soň gyssagly ýagdaýda gonmak üçin howa menziline gaýdyp geldi.

Uçaryň, gonuş zolagyna gonýarka arka tarapy ýanmaga başlady. Ýolagçylar, uçuş zolagynyň ortasynda duran uçardan gysga wagtda çykaryldy.

Russiýanyň TASS habarlar agentliginiň berýän maglumatyna görä, 73 ýolagçy we 5 ekipažy bolan uçardaky 41 adam ýogaldy.

Hadysa bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.


Etiketkalar: #Russiýa , #Moskwa , #uçar

Degişli Habarlar