“Eýran ABŞ-nyň isleglerine boýun egmez, 12 maddalyk şerti bolsa asla kabul etmez”

Eýranyň Mejlisiniň başlygy Ali Larijani öňe süren şertlerini asla kabul etmejekdiklerini aýtdy

1194241
“Eýran ABŞ-nyň isleglerine boýun egmez, 12 maddalyk şerti bolsa asla kabul etmez”

Eýranyň Mejlisiniň başlygy Ali Larijani ABŞ-nyň täze şertnamanyň öňüsyrasynda öňe süren şertlerini asla kabul etmejekdiklerini aýtdy.

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Mejlisiň başlygy Larijani Rezewi Horasan welaýatynda mugallymlar güni mynasibetli geçirlen dabarada eden çykyşynda, ABŞ-nyň Eýran bilen 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygyndan bir taraply ýagdaýda çekilmeginden soň, 12 maddalyk alynky şertiniň asla kabul edilmejekdigini belledi.

Larijani “ABŞ-nyň isleglerine boýun egmeris, 12 maddalyk şerti bolsa asla kabul etmeris” diýdi.

ABŞ-nyň basyşlaryna garşy halky sabyrly bolmaga çagyran Larijani “Biz sabyrly bolmasak ABŞ maksadyna ýeter, edil Saud Arabystanyna edişi ýaly bolar. ABŞ Saud Arabystanynyň hem pulyny alýar hem-de olary kemsidýär. ABŞ bu milleti kemsidip bilmez” diýdi.

Sanksiýalar sebäpli ykdysady taýdan agyr günleriň başdan geçirilýändigini aýdan Larijani, ýurtda öz özüni üpjün edýän ykdysady ulgamyň döredilmelidigini ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar