Maduro agdarlyşyk synanşygynyň ABŞ-dan tarapyndan meýilleşdirilendigini aýtdy

Wenesuelanyň döwlet Ýolbaşçysy Nikola Maduro öňňin ýurdunda guralan agdarlyşyk synanşygynyň ABŞ tarapyndan meýilleşdirilendigini aýtdy

1193603
Maduro agdarlyşyk synanşygynyň ABŞ-dan tarapyndan meýilleşdirilendigini aýtdy

Maduro: “Gönüden göni Ak Tamdan, Jon Bolton tarapyndan gönükdirildi” diýdi.

Nikola Maduro paýtagt Karakasda Prezident köşki Mirafloresiň ýerleşýän Sukre şaýolunda 1-nji Maý zähmetkeşleriň raýdaşlyk güni mynasybetli geçirilen çärä gatnaşyp, çykyş etdi.

1-nji Maý zähmetkeşleriň raýdaşlyk gününe bolan gatnaşygyň iňňän ýokarydygyny beýan eden Maduro: “Zähmetkeş doğanlarym, 1-nji maý gahryman zähmetkeşler synpynyň gününde ýene-de bir agdarlyşyk synanşygy yza serpikdirildi. Şu gün geçirilýän ýöriş düşýän gymmatyna garamazdan Wenesuelanyň halkynyň watanyny we ynkylabyny gorajakdygyny görkezýär. Serkerde Çawezi häkimiýetden agdaryp bilmändiler we bizem agdaryp bilmediler, bilmezlerem” diýdi.

Madruo ýurdundaky agdarlyşyk synanşygynda ABŞ-nyň elinin bardygyny beýan edip; “Ýewropa gazetlerinden biri düýn Donald Trampyň we Jon Boltonyň ir säher harby agdarlyşygyň ähli operasiýalaryny gönükdirendigini ýazdy. Çilinin, Braziliýanyň, Argentinanyň we Kolumbiýanyň hökümetlerine telefon edip, goldaw sorapdyrlar. Düýn synanşylan agdarlyşyk gönüden göni Ak Tamdan, Jon Bolton tarapyndan gönükdirildi” diýdi.

Maduro: “ýurdy terk etmäge taýardygy, emma ruslaryň soňky pursatda özüni ondan el çekdirendigi” barada ABŞ-dan berilen beýanatlaryň hakykata bap gelmeýändigini hem aýtdy.

Döwlet Ýolbaşçysy Maduro halkyň arz-şikaýatlaryny we tekliplerini dinlemek üçin Milli özgerlişik meýilnamasyny iş ýüzüne geçirjekdigini beýan etdi.



Degişli Habarlar