Ukrainanyň täze Prezidenti Wladimir Zelenskiý maşgalasy bilen Bodrumda dynç aldy

5 ýyldyzly myhmanhanada 3 gün dynç alan Zelenskiý bilen maşgalasy şu gün ir ertir Ukraina uçdy

1191536
Ukrainanyň täze Prezidenti Wladimir Zelenskiý maşgalasy bilen Bodrumda dynç aldy
zelenskiy bodrum tatil.jpg

Ukrainanyň täze Prezidenti Wladimir Zelenskiý maşgalasy bilen birlikde Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynda dynç aldy.

Bodrumyň Güwerjinlik etrapçasyndaky 5 ýyldyzly myhmanhanada 3 gün dynç alan Zelenskiý bilen maşgalasy şu gün ir ertir Ukraina uçdy

Zelenskiý Milas-Bodrum howa menzilinde Türk howa ýollaryna degişli tarifli uçar bilen etrapdan uçdy.

Ukrainada geçirlen prezident saýlawynynyň ikinji tapgyrynda satirik Wladimir Zelenskiý sesleriň 73, 22 göterimini alyp saýlawda üstünlik gazanypdy.

Bäsdeşi häzirki prezident Petro Poroşenko bolsa sesleriň 24,45 göterimini alypdy.

 

 



Degişli Habarlar