Russiýa ABŞ-nyň embargo kararyny tankyt etdi
Russiýa ABŞ-nyň Eýrana nebit eksporty boýunça goýulan sanksiýadan boşadylan 8 ýurda täze ýeňilligiň döredilmejekdigi baradaky kararyny tankyt etdi
Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada ABŞ-nyň Eýranyň eksportdan alýan girdejilerinden mahrum edilmäge synanşylýandygy bellenilýär.
Beýannamada: “Resi Tähranyň garaşsyz syýasaty ABŞ-ny biynjalyk edýär. Çünki Eýran ABŞ-nyň Strategik ähmiýete eý ebolan Ýakyn Gündogarda hökmürowan bolmagyny bökdeýär” diýilýär.
ABŞ-nyň kabul eden karary bilen halkara jemgyýetçiligini jezalandyrandygyna üns çekilýän beýannamada; “Resmi Waşington bütin dünýäniň öz öňünde boýun egmegini isleýär. Ähli ýurtlar ABŞ-nyň sanksiýa howpy sebäpli 2-nji maýdan başlap Eýrandan nebit almagy bes eder” diýilýär.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.