Owganystanda amerikan esgerlerine garşy kamikaze hüjümi guraldy

Owganystanda, NATO-nyň çäginde iş alyp barýan amerikan esgerlerini daşaýan ulag kerwenine garşy bomba ýüklenen ulag bilen kamikaze hüjümi guraldy

1179675
Owganystanda amerikan esgerlerine garşy kamikaze hüjümi guraldy

Ýurdyň paýtagty Kabulyň golaýyndaky Parwan welaýatynyň Bagram etrabynyň häkimi Abdul Şükür Kuddusi, metbugat işgärlerine beren beýanatynda, kamikaze hüjümçisiniň bomba ýüklenen ulag bilen, Bagramyň Puli Saýýad diýilen ýerinde ýerleşýän bazasyna barýan ABŞ-nyň harby ulag kerwenini nyşana alyp hüjüm gurandygyny habar berdi.

Hüjümde ABŞ goşunyna degişli 1 taňka zyýan ýetendigini aýdan Kuddusi, wakada adam ýitgisiniň bolup-bolmandygy barada bolsa anyk maglumatlarynyň bolmandygyny mälim etdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini Taliban guramasy öz üstüne alan hem bolsa, ABŞ-niň Owganystandaky harby toparlaryndan bolsa entek beýanat berilmedi.

ABŞ-niň Owganystandaky iň uly howa bazasy Bagram etrabynda ýerleşýär.



Degişli Habarlar