Wladimir Putin Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Putin bilen Netanýahu telefon söhbetdeşliginde Ýakyn Gündogardaky soňky wakalar hakynda pikir alyşdy

1174836
Wladimir Putin Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kreml tarapyndan berlen beýanata görä, Putin bilen Netanýahu telefon söhbetdeşliginde Ýakyn Gündogardaky soňky wakalar hakynda pikir alyşdy

Beýanatda “Putin bilen Netanýahu özara gatnaşyklar bilen birlikde aktual sebitara we halkara meseleler  we Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy” diýildi.

Geçen hepde ýokary derejeli ysraýylly ýolbaşçy, Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahunyň Siriýa krizisiniň çözülmegi üçin Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine ýörite meýilnama hödürländigini öňe sürüpdi.

Kreml bolsa mesele hakyndaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar