Russiýa, Ysraýyl tarapyndan öňe sürülen habarlary ret etdi

Russiýa, Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň Siriýa krizisiniň çözgüdi üçin Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putine meýilnama hödürländigi baradaky öňe sürmeleri ret etdi

1171734
Russiýa, Ysraýyl tarapyndan öňe sürülen habarlary ret etdi

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, metbugat işgärlerine Ysraýylyň metbugatynda Netanýahunyň Putine meýilnama hödürländigi baradaky öňe sürmeler bilen bagly beýanat berdi.

Netanýahunyň, Moskwada geçen aý Putin bilen geçiren duşuşygynda olar ýaly bir meýilnama hödürlemändigini aýdan Peskow: “Netanýahunyň Russiýa guran saparynda olar ýaly zat bolmady, ony tassyklap bilmerin” diýdi.

Peskow, bu mesele bilen bagly Netanýahunyň nämäni göz öňünde tutýandygyny aýtmalydygyny beýan etdi.

Ysraýylyň metbugatynda ýokary derejeli ysraýylly resmileriň birine esaslanyp berilen habarlarda, Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň Siriýa krizisiniň çözgüdi üçin ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampa meýilnama hödürländigi öňe sürülipdi.

Habara görä, resmi, Netanýahunyň geçen aý Russiýanyň paýtagty Moskwada duşuşyk geçiren Putin bilen ady agzalan meýilnamany paýlaşandygyny habar berdi, Outin tarapyndan gyzyklanma bildirilen meýilnamada, Eýranyň Siriýadan çykarylmagynyň göz öňünde tutulýandygy öňe sürülipdi.



Degişli Habarlar