Belarussiýanyň Prezidenti Türkiýede saparda bolar

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, öňümizdäki aý Türkiýä resmi sapar gurajakdygyny habar berdi

1165721
Belarussiýanyň Prezidenti Türkiýede saparda bolar

Sputnikiň berýän habaryna görä, Lukaşenko, Türkiýäniň Minsk şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kezban Nilwana Dramany köşgünde eden kabul edişliginde Türkiýä resmi sapar gurajakdygyny mälim etdi.  

Lukaşenko: “Gowy zatlar barada gürleşmek gowy” diýdi.

Ilçi Kezban Nilwana Drama bolsa iki ýurdyň arasynda hiç hili meseläniň bolmandygyny nygtap: “Bu duşuşygy Türkiýä guraljak bolan sapardan ozal taýýarlyk duşuşygy hökmünde garaýaryn. Biz ýurtlarymyzyň arasynda hiç hili mesele görmeýäris we muny buýsanyljak bir duýgy hökmünde pikir edýärin” diýdi.

Türkiýe bilen Belarussianyň arasynda söwda kuwwady geçen 2018-nji ýylda 984 million dollara ýetdi, bu bolsa 2017-nji ýylyň görkezijilerine garanyňda 105 göterim köp.

2018-nji ýylda türk işewür adamlar Belarussiýada 43,1 million dollarlyk maýa goýdylar.

Belarussiýada 300-den gowrak türk firmasy iş alyp barýar.



Degişli Habarlar