NATO-Gruziýa bilelikdäki harby tälim 24 ýurduň gatnaşmagynda Tibliside öz işine başlady

Krtsanis harby merkezinde geçirilýän tälim 29-njy marta çenli dowam eder

1165787
NATO-Gruziýa bilelikdäki harby tälim 24 ýurduň gatnaşmagynda Tibliside öz işine başlady

NATO-Gruziýa bilelikdäki harby tälim 24 ýurduň gatnaşmagynda Gruziýanyň paýtagty Tibliside öz işine başlady.

Gurziýanyň Goranmak ministriniň orunbasary Lela Çikowani, NTAO-Gruziýa bilelikdäki harby tälimiň haýsydyr bir ýurt taýdan howply bolmandygyny aýtdy.

Çikowani “Tälim Grusiýanyň goranyş ukybynyň güýçlendirilmegini maksat edinýär. Bilelikdäki tälim asla haýsydyr bir üçünji ýurda garşy däl. Meýilnama Gruziýanyň NATO utgaşyklyk etabynyň depginini güýçlendirer” diýdi.

Krtsanis harby merkezinde geçirilýän tälim 29-njy marta çenli dowam eder.

Tälime Türkiýe, Gruziýa, Azerbaýjan, Albaniýa, Belgiýa, Bolgariýa, Daniýa, Estoniýa, Fransiýa, Gresiýa, Britaniýa, Wengriýa, Latwa, Litwa, Gollandiýa, Polşa, Norwegiýa, Portugaliýa, Ruminiýa, Slowakiýa, ABŞ, Şwesiýa wer Germaniýa gatnaşýar.

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg hem 25-nji martda tälime gatnaşar

 


Etiketkalar: #harby tälim , #Gruziýa , #NATO

Degişli Habarlar