Günbatar Şeriada ýaragly hüjümler guraldy

Gabaw astyndaky Günbatar Şerianyň 2 aýry ýerinde guralan ýaragly hüjümlerde 1 ysraýylly esger ýogaldy, 2 esger bolsa agyr ýaralandy

1165092
Günbatar Şeriada ýaragly hüjümler guraldy

Ysraýylyň Ýaragly güýçleri tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä, Günbatar Şerianyň demirgazygyndaky bikanun ýagdaýda gurulan jöhitleriň Ariel atly ýaşaýyş jaýlar toplumynyň golaýyndaky Ariel we Giti çatryklarynda iki aýry ýaragly hüjüm guraldy.

Gaçan hüjümçiniň tussag edilmegi üçin işe girişilendigi mälim edilip, waka barada jikme-jik maglumat berilmedi.

Beýleki tarapdan Ysraýylyň metbugatynda berilen habarlara görä, Ariel çatrygynda bir hüjümçi, ysraýylly esgeriň elindäki ýaragy ele geçirip ýaragyň eýesine we şol ýerdäki beýleki ysraýylly esgere od açdy. Oduň açylmagy netijesinde 2 ysraýylly esger agyr ýaralandy.

Ýaralanan esgerleriň biriniň ulagyny alyp sebitden uzaklaşan hüjümçi, Ariel çatrygyna ýakyn ýerde ýerleşýän Giti çatrygyndaky bir awtobusa hem od açdy. Ikinji hadysada bolsa ýene-de bir ysraýylly agyr ýaralandy.

Ysraýylyň radiosy 2 aýry hüjümde ýaralanan 3 ysraýyllynyň 1-iniň ýogalandygyny habar berdi.

Hüjümden soň Ysraýylly esgerler Günbatar Şeriadaky ençeme ýoly ikitaraplaýyn häsýetde ýapdy.


Etiketkalar: #Ysraýyl , #esger , #hüjüm

Degişli Habarlar