Siriýa we bosgunlar üçin 7 milliard dollarlyk kömek

Konferensiýada Türkiýä Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly wekilçilik etdi

1163862
Siriýa we bosgunlar üçin 7 milliard dollarlyk kömek

 

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirlen “Siriýa we sebitiň geljegine goldaw” temaly konferensiýa gatnaşyjylar Siriýa we bosgunlar üçin 7 milliard dollarlyk kömek bermek barada wada berdi.

Siriýada ýüz müňlerçe adamyň ýogalmagyna, millionlarça adamyň bosgun ýagdaýyna gelmegine sebäp bolan içerki uruş 8 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär.

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde BMG-nyň we ÝB-niň öňbaşçylyk etmeginde mart aýynyň 12-14-i aralygynda geçirlen “Siriýa we sebitiň geljegine goldaw” konferensiýasyna 50-den gowrak ýurtdan 80 wekil gatnaşdy.

Konferensiýada Türkiýä Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly wekilçilik etdi.

Konferensiýadan soň ÝB Komissiýasynyň Ynsanperwer kömeklerden jogapkär agzasy Kristos Stylianides bilen BMG-nyň Baş sekretarynyň Ynsanperwer kömeklerden jogapkär orunbasary Mark Lowkok metbugata beýanat berdi.

ÝB Komissiýasynyň Ynsanperwer kömeklerden jogapkär agzasy Stylianides beýanatynda “Konferensiýa gatnaşyjylar Siriýa we bosgunlar üçin 7 milliard dollarlyk ýardam bermek barada wada berdi” diýdi.

Stylianides siriýaly bosgunlara gujak açan, olar bilen ýakyndan gyzyklanan Türkiýe, İordaniýa we Liwan ýaly ýurtlara minnetdarlyk bildirdi.

 

 

 



Degişli Habarlar