Russiýa Boeing 737 Max kysymly uçarlaryň saparlaryny gadagan etdi

Efiopiýada 157 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen uçar heläkçiliginden soň Boeing 737 Max kysymly uçarlaryň saparlaryny gadagan eden ýurtlaryň hataryna Russiýa hem goşuldy

1163681
Russiýa Boeing 737 Max kysymly uçarlaryň saparlaryny gadagan etdi

Boeing 737 Max kysymly uçarlaryň Russiýanyň howa giňişligine girmegine rugsat berilmez. 

Russiýanyň howaýollar agentligi Rosawiatsiýa, Boeing 737 Max kysymly uçarlaryň Russiýanyň howa giňişliginde saparlarynyň gadagan edendigini habar berdi. 

Ozal bolsa Russiýanyň S7 howaýollary kärhanasy, öz düzüminde bolan Boeing 737 Max kysymly uçarlaryň sapar ýapmagyna rugsat bermejekdigini mälim edipdi. 

Bu kararlar soňky 6 aýda Boeing 737 Max kysymly uçarlaryň ikisiniň ýere gaçmagy sebäpli kabul edildi. 

 

 


Etiketkalar: #Boeing , #Russiýa

Degişli Habarlar