Idlibde çaknyşyksyz zolakda asuda ilata garşy guralan howa hüjümlerinde 6 adam ýogaldy

Hüjümde 40 adam ýaralandy

1163096
Idlibde çaknyşyksyz zolakda asuda ilata garşy guralan howa hüjümlerinde 6 adam ýogaldy

Siriýada Idlibde çaknyşyksyz zolakda asuda ilata garşy guralan howa hüjümlerinde 6 adam ýogaldy, azyndan 40 adam ýaralandy.

Düýn başlan howa hüjümleri agşama çenli dowam etdi.

Idlibiň şäher merkezine, Han Şeýhun we Serakib etraplary bilen Al Huweýn, Um Jelal obalaryna gury ýer we howa hüjümleri guraldy.

Howa hüjümlerinde zenanlar we çagalar bilen birlikde 6 adam ýogaldy, azyndan 40 adam ýaralandy.

Gözleg we halas ediş işleri güýçli depginde dowam edýär.

Howa hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

Oppozisionerler “Hymeýmim harby bazasyndan uçan SU 34 kysymly rus harby uçarlary Idlibi bombalaýar” diýdi.

Ady agzalýan uçarlar düýn ir ertir Serakib etrabyndaky çadyr şäherçesini bombalapdy. Hüjümde 2 adam ýogalypdy we 19 adam ýaralanypdy.

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar