Meksikada ýaragly topar 19 adamy zamun aldy

Meksikanyň demirgazygynda ýaragly bir topar, ýolagçy daşaýan awtobusdan 19 adamy zamun aldy

1161696
Meksikada ýaragly topar 19 adamy zamun aldy

Adynyň aýan edilmegini islemeýän ýurdyň howpsyzlyk resmileriniň biri, Tamaulipas ştatynda Reýnoza we San Fernando şäherleriniň arasyndaky ýolda ýolagçy daşaýan awtobusy duruzan ýaragly toparyň, 19 adamy zamun alandygyny habar berdi.

Resmi, ýaragly adamyň awtobusdaky 22 ýolagça bolsa hiç zat diýmändigini, zamun alynan adamlaryň Orta Amerikadan gelen bosgunlar bolandygyny çak edýändiklerini mälim etdi.

Meksikanyň Tamaulipas ştatynda 2011-nji ýylda onlarça adam, şular ýaly ýagdaýda Zetas atly toparyň agzalary tarapyndan zamun alynypdy, öldürilipdi we köpçülikleýin mazarlara gömülipdi.

Şol wagtlar zamun alynan adamlaryň arasynda bosgunlar hem bardy.

Ýaragly toparlaryň, bosgunlary dogan-garyndaşlaryndan paç almak üçin ýa-da agyr işlerde işletmek üçin zamun alandyklary beýan edilýär.


Etiketkalar: #Meksika , #topar

Degişli Habarlar