Londonda Siriýanyň tussaghanalaryndaky zenanlaryň we çagalaryň boşadylmagy üçin ýöriş geçirildi

Siriýanyň tussaghanalarynda 13500-den gowrak zenanyň bardygy nygtalýar

1160165
Londonda Siriýanyň tussaghanalaryndaky zenanlaryň we çagalaryň boşadylmagy üçin ýöriş geçirildi

Halkara Wyjdan hereketi 8-nji mart Halkara zenanlar gününde Siriýada Başar Asadyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň tussaghanalaryndaky zenanlaryň we çagalaryň boşadylmagy üçin Britaniýanyň paýtagty Londonda ýöriş geçirdi.

Premýer ministrligiň öňünde geçirlen ýörişde “Adamzadyň sesi boluň”, “Soňky zenan we çaga boşadylýança” diýlen şygarlar aýdyldy.

Ýörişde toparyň adyndan çykyş eden Türkan Akbaş, Siriýadaky söweşde uly jenaýat edilendigine ünsi çekdi we “Siriýanyň hökümetine we tarapdarlaryna çagyryş berýäris. Zenanlary we çagalary ýarag hökmünde ulanmakdan ýüz öwüriň. Siriýaly doganlarymyzy boşadyň, olaryň öýlerine dolanmaklaryna rugsat beriň”diýdi.

Siriýanyň tussaghanalarynda 13500-den gowrak zenanyň bardygy nygtalýar.

 



Degişli Habarlar