Russiýa global internet toruny birnäçe günlügine keser

BBC-niň berýän habaryna görä synagyň 1-nji aprelden başlap geçirilmegi meýilleşdirilýär

1158817
Russiýa global internet toruny birnäçe günlügine keser

Russiýa, kiber hüjümlere garşy howpsyzlygy güýçlendirmek maksady bilen synag üçin global internet toruny birnäçe günlügine kesjekdigini habar berdi.

BBC-niň berýän habaryna görä synagyň 1-nji aprelden başlap geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Synag, Kremliň ýurdy krizis mahalaynda, mysal üçin söweş zamanynda kiber hüjümlerden goranmak üçin edilýän ädimleriň biridir.

Russiýa, synag mahaly tory dolulygyna ýapmak dälde, ýurdyň öz içine ýa-da daşary ýurtlara maglumat akymyny blokirlemek isleýär.


Etiketkalar: #Russiýa , #kiber hüjüm

Degişli Habarlar