Owganystanda guralan kamikaze hüjüminde köp sanda adam ýogaldy we ýaralandy

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady

1158076
Owganystanda guralan kamikaze hüjüminde köp sanda adam ýogaldy we ýaralandy

Owganystanyň gündogarynda ýerleşýän Nangarhar welaýatynyň Jelalabad şäherinde howa menziline ýakyn bir ýerde guralan kamikaze hüjüminde asuda ilatdan 17 adam ýogaldy, 9 adam ýaralandy.

Nangarhar welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Ataullah Hogýani, hüjümde bir gurluşyk kärhanasynyň Jelalabad şäherindeki ofisiniň nyşana alynandygyny habar berdi.

Ataullah Hogýani kamikaze hüjüminden soň ýaragly adamlaryň firmanyň şahamçasyna girendigini mälim etdi.

Wakada 5 hüjümçi howpsyzlyk güýçleri tarapyndan öldürildi.

Sebite howpsyzlyk güýçleri gönükdirilenden soň ýaragly adamlar bilen howpsylyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyk 3 sagat dowam etdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady.


Etiketkalar: #Owganystan , #Taliban , #hüjüm

Degişli Habarlar