Talibanly terrorçylar Owganystanyň Balh welaýatynda ýene-de bir hüjüm gurady

Soňky hüjümde bolsa 8 adam ýogaldy

1157435
Talibanly terrorçylar Owganystanyň Balh welaýatynda ýene-de bir hüjüm gurady

Owganystanyň Balh welaýatynda Talibanly başbozarlaryň welaýatyň Döwlet Abad etrabyndaky Polisiýa merkezine guran hüjümde 8 howpsyzlyk gullukçysy ýogaldy.

Balh welaýatynyň Içeri işler edarasynyň metbugat sekretary Adilşah Adil, hüjümde şeýle hem 7 howpsyzlyk gullukçysynyň ýaralanandygyny habar berdi.

Adil, hüjümden soň ýüze çykan çaknyşykda guramanyň köp sanda agzasynyň öldürilendigini mälim etdi.

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa, hüjümde 14 polisiň ölendigi öňe sürüldi.


Etiketkalar: #hüjüm , #Balh , #Taliban , #Owganystan

Degişli Habarlar