Katar Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlary almak isleýär

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow resmi sapar bilen Katara bardy

1156686
Katar Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlary almak isleýär

Kataryň Daşary işler ministri Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani ýurdunyň Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlary almak üçin gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy.

Al Sani resmi sapar bilen Katara baran Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen pýtagt Dohada duşuşdy.

Iki kärdeş özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

Russiýadan harby enjamyň satyn alynmagy üçin gepleşikleriň dowam edýändigini aýdan Al Sani, S-400 ler meselesinde heniz anyk kararyň kabul edilmändigini belledi.

Siriýa krizisi hakynda hem durup geçen Al Sani, syýasy çözgüdiň ýeke-täk alternatiwadygyny belledi.

Kataryň Daşary işler ministri Russiýanyň Palestinaly taraplaryň ylalaşyk gazanmagy üçin edýän tagallasyndan hoşaldyklaryny nygtady.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem Kataryň rus ýaraglaryny almak baradaky talaplaryny kanagatlandyrmaga taýardyklaryny aýtdy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar